Türkmenistanyň ýolbaşçylary Russiýanyň we Günorta Koreýanyň Prezidentlerine gynanç bildirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Russiýanyň we Günorta Koreýanyň Prezidentlerine gynanç bildirdiler
Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynançlary kabul edýär, 2023-nji ýylyň 15-nji awgusty (Surat: The Korean Times)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine gynanç hatyny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu agyr pursatda Günorta Koreýanyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdiler hem-de medet beriji sözlerini beýan etdiler.

Günorta Koreýanyň “The Korean Times” agentliginiň habaryna görä, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžun 92 ýaşynda aradan çykdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we ýurduň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany we türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdiler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdiler.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlama zerarly wepat bolanlaryň sany 35-e, ýaralanlaryň sany bolsa 47-ä ýetdi.

Surat: "Tasnim" habarlar gullugy

 

2022