TDHÇMB-da sişenbe güni 50 müň tonna ECO-93 awtoulag benzini satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da sişenbe güni 50 müň tonna ECO-93 awtoulag benzini satyldy
Ýangyç guýujy beketde awtoulaga benzin guýulýan pursady (Surat: Reuters)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Owganystanyň işewürleri ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 50 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçileriň satyn alan ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň bir tonnasy 735 ABŞ dollaryna deň bolup, baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 36 million 750 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Azerbaýjanyň, BAE-niň we Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 17 müň 723 ABŞ dollaryna deň bolan tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, dürli ölçegli düz boýalan we sütükli önümleri hem-de “gabardin” matasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 40 million 791 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022