Türkmenistanyň Prezidentiniň sapar bilen Wengriýa barmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň sapar bilen Wengriýa barmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Wengriýanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hepdäniň ahyryna sapar bilen Wengriýa barmagyna garaşylýar. Bu barada Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto anna güni geçirilen adatdan daşary metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministriniň aýdanlaryna salgylanyp, “The Hungarian Conservative” žurnalynyň beren habaryna görä, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bilen birlikde, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Serbiýanyň Prezidentleri we Katar Döwletiniň Emiri Budapeşt şäherindäki ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynyň çäginde geçiriljek diplomatik sammita gatnaşmak üçin Wengriýa bararlar.

Peter Siýýarto geçiriljek gepleşikleriň Wengriýanyň, Merkezi Ýewropanyň we tutuş yklymyň howpsuzlygy, energiýa üpjünçiligi we ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly üç esasy meselä gönükdiriljekdigini aýtdy.

Energetika üpjünçiligi meselesinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Serbiýanyň Prezidentleri tebigy gaz üçin üstaşyr ýurt hökmünde Türkiýäniň barha artýan ähmiýetini belläp, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto häzirki wagtda Wengriýany geljekki türkmen gazynyň eksporty üçin niýetlenen ýurtlaryň birine öwürmek maksatly Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban şu ýylyň iýun aýynyň başynda sapar bilen Türkmenistana geldi. Ýokary derejeli türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

2022