Türkmenistanyň Prezidenti Budapeştde geçirilen dabaralara gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Budapeştde geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 20-nji awgust, Budapeşt, Wengriýa (Surat: Wengriýanyň resmisi Zoltan Kowaçyň sosial tory)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýekşenbe güni Wengriýada iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Budapeşt şäherine sapary Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyryldy.

Wengriýanyň Premýer-ministriniň kabulhanasynda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy Wiktor Orbanyň arasynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Milli baýram — Keramatly Stefanyň güni hem-de Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Wiktor Orbany we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyny bu şanly wakalar bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi we Ýewropa ugrunyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy hem-de şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda wenger tarapynyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýändigi hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Mundan başga-da, ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Geçirilen duşuşykdan soň Türkmenistanyň Prezidenti Milli atletika merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet Baştutany beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyryna tomaşa etdi.

Wengriýanyň Milli atletika merkezinde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda şu ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabat şäherinde gepleşikler geçirildi. Türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022