TDHÇMB-da duşenbe güni 17,5 million manatdan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni 17,5 million manatdan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň polipropilen terminaly

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda türkmen telekeçileri “TPP D 30 S” kysymly polipropileniň 733 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 17 million 592 müň manada barabar boldy.

Türkmen telekeçileriniň satyn alan polipropileniniň bir tonnasynyň bahasy 24 müň manada deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berýär.

Şeýle hem Gazagystandan gelen işewür bir tonnasynyň bahasy 1 müň ABŞ dollaryna deň bolan “TPP D 30 S” kysymly polipropileniň 1000 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Mundan başga-da, Türkiýeden we Hytaýdan gelen telekeçiler jemi bahasy 1 million 121 müň 75 ABŞ dollaryna barabar bolan ýüplük we tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 48 million 451 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022