Palestinanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen Palestina çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Palestinanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen Palestina çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi, 25-nji awgust, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Palestinanyň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Riýad al-Maliki Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany kärdeşi Mahmud Abbasa mähirli salamyny, şeýle hem Palestina sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça palestinaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Palestinanyň daşary işler hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda duşuşyk geçirlildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hakynda Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Bilelikdäki hökümetara komiteti döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

2022