Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw jaýynyň täze binalary gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw jaýynyň täze binalary gurlar
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Mary şäheri, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak hakynda” hem-de “Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny we aýlawly ýolda monument gurmak hakynda” Kararlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda TDBGI-niň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem Energetika ministrligine TDEI-niň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mundan başga-da, TDBGI-niň gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tabşyrmak, şeýle hem TDEI-niň gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, Arkadag şäherinde hem-de Türkmenistanyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açmak meýilleşdirilýär.

2022