Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habaryna görä, 27-nji awgustda güýçli ýagyş sebäpli ýurduň Wahdat şäherinde we Rudaki sebitinde tebigy betbagtçylyk bolup geçdi. Onuň netijesinde Wahdatda 11 adam, Rudaki sebitinde bolsa 2 adam aradan çykdy.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny bildirdi. Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti ýurduň Premýer-ministrine, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranmak komitetine we beýleki degişli düzümlere tebigy betbagtçylyk sebäpli wepat bolanlaryň maşgalalaryna ýardam bermegi, tebigy betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.