ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri Türkmenistanda gepleşikleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri Türkmenistanda gepleşikleri geçirýär
ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 28-nji awgusty

Aşgabat şäherine sapar bilen gelen ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Mejlisinde duşenbe güni geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, esasan hem, parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara dialogy ösdürmäge ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki günde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ýeten derejesine ýokary baha berip, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

2022