Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony doglan güni bilen gutlady
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko (Surat: “Belta” habarlar gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu şanly günde Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, gujur-gaýrat hem-de maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko çarşenbe güni 69 ýaş doglan günini belleýär.

2022