Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azat Gadamowiç Jepbarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine bellemek barada Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary “Türkmenistan” gazetinde şenbe güni çap edildi.
Azat Gadamowiç Jepbarowy täze wezipä bellenilmezden ozal “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýärdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Öwezgeldiýewiç Çaryýardurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary wezipesinden boşadyldy.