“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
“Abadan haly” haly toplumynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

“Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) ýakynda täze “Kerwenli”, “Nusaý”, “Güneş” halylarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Abadan haly” AGPJ “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

“Abadan haly” AGPJ-nyň haly we haly önümlerini öndürýän kärhanasy Büzmeýin etrabynda ýerleşip, ol 2016-njy ýylda işe girizildi. Kärhananyň önümleri daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Haly önümçiliginde ulanylýan polipropilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan (TNGIZT) satyn alynýar. Žut, reňk, sintetiki sapak, ýelim ýaly goşmaça ulanylýan çig mallar bolsa Türkiýäniň, Bangladeşiň we Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalaryna degişlidir.

“Abadan haly” haly toplumynda öndürilýän “Owadan”, “Sähra”, “Tolkun”, “Kümüş”, “Kerwen”, “Pasyl”, “Tomus” ýaly birnäçe görnüşli halylar iň islegli harytlar hökmünde tanalýar. Olaryň arasynda öýleri bezemekde ulanylýan, awtoulaglaryň kürsüleri üçin niýetlenen halyçalar, ofis mebelleri üçin halylar hem bardyr.

“Abadan haly” haly önümleri daşary ýurtlardan import edilýän halylardan özüniň syklygy, galyňlygy, reňk durnuklylygy, nepisligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

2022