TDHÇMB: Awgust aýynda söwdalar 207 million ABŞ dollaryndan geçdi

Nurmyrat Mommaýew
TDHÇMB: Awgust aýynda söwdalar 207 million ABŞ dollaryndan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda amala aşyrylan söwda amallaryna baha bermek ýurduň ykdysady kuwwatyna we halkara söwdadaky ornuna göz ýetirmäge ýardam berýär. Bu döwürde nebit-himiýa önümlerinden başlap, dokma önümlerine çenli söwdalar amala aşyryldy. 

TDHÇMB-da awgust aýynda geçirilen söwda amallaryna syn we ykdysady derňew aşakda görezilýär.

Awtoulag ýangyjy:

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda awgust aýynda uly islegden peýdalanan harytlaryň biri hem awtoulag ýangyjy boldy. Hususan-da, ECO-93 we A-92 kysymly awtoulag benzininiň 100 müň tonnasy satyldy. ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 50 müň tonnasy satylyp, bu söwdalaryň umumy bahasy 37 million ABŞ dollaryna barabar boldy. A-92 kysymly awtoulag benzininiň söwdasynyň jemi bahasy 37 million ABŞ dollaryna deň bolup, söwdalarda jemi 50 müň tonna önüm satyldy. Bu bolsa Türkmenistanda nebit-himiýa önümleri boýunça söwdanyň netijeliligini we bu önümlere daşary ýurtly alyjylaryň uly isleg bildirýändiklerini görkezýär.

Polipropilen:

TDHÇMB-nyň söwalarynda polipropilen önümleri möhüm orny eýeledi. Söwdalarda jemi 12 müň tonna “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satylyp, satuwyň jemi bahasy 12 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji ýurduň senagat mümkinçiliginiň we halkara bazaryndaky ornunyň möhüm beýanydyr.

Dokma önümleri:

Dokma önümleri Türkmenistanyň söwda bukjasynda möhüm orny eýeledi. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan dokma önümleriniň, ýagny, ýüplük, pagta önümleri, pagta matalary, regenirlenen süýüm ýaly dürli önümleriň umumy bahasy 17 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu bolsa, Türkmenistanyň dokma senagatynda öndürilýän dokma önümleriniň hilini, şeýle hem daşary söwdadaky möhüm ornuny aýdyň görkezýär.

Söwdanyň jemi möçberi:

Awgust aýyndaky söwda amallarynyň möçberiniň artmagy netijesinde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaryň jemi bahasy 207 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu möhüm görkeziji ýurduň ykdysady kuwwatyny we onuň halkara söwda giňişligindäki berk ornuny tassyklaýar. Söwda möçberiniň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Netijede, awgust aýy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwda işjeňliginiň iň öndümli aýlarynyň birine öwrüldi. Nebit-himiýa önümlerinden dokma önümlerine çenli giň gerimde amala aşyrylýan söwda amallary ýurduň ykdysady diwersifikasiýasyny, senagat önümçilik mümkinçiliklerini we halkara söwdadaky uly ornuny görkezýär. Bu işjeň söwda möçberi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň we geljekdäki söwda mümkinçilikleriniň has hem ýokarlanjakdygyny subut edýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022