Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmekde wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna iki ýurduň köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen sişenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar tejribe alyşmak, Türkmenistanda ýapon dilini, Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

2022