Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana barar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasyndaky duşuşyk, 11-nji maý, Duşenbe (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda iş sapary bilen Täjigistana barar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň Täjigistana boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine barar.

Habarda bellenilişi ýaly, Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

Duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň jemleýji Jarnamasyny öz içine aljak resminamalar toplumyna gol çekiler diýlip garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022