Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy, 2018-nji ýylyň 9-njy sentýabry (Surat: AFP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň ähli halkyna Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Täjigistan Respublikasy syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazandy, ykdysady ösüşde täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny yzygiderli ýokarlandyrdy. Türkmenistan Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine we ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda alyp barýan işlerini üstünlikli utgaşdyrýandygyny bellemek ýakymlydyr" diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Türkmenistan bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bolsa 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýuldy.

2022