TDHÇMB-da nebit koksy we "EKO-5" dizel ýangyjy arzanladyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da nebit koksy we "EKO-5" dizel ýangyjy arzanladyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda, satyjynyň teklibi bilen, şenbe güni koksuň we dizel ýangyjynyň bahalary arzanladyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň teklibi bilen, jemleýji nebit koksunyň bir tonnasynyň bahasy 685 ABŞ dollaryndan 600 ABŞ dollaryna düşürildi. Gyzdyrylan nebit koksunyň bir tonnasynyň bahasy bolsa, 1020 ABŞ dollaryndan 900 ABŞ dollaryna getirildi.

TDHÇMB-da satuwa çykarylan jemleýji nebit koksunyň jemi möçberi 5 müň tonna, gyzdyrylan nebit koksunyň jemi möçberi bolsa 3 müň tonna bolup, önümler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilendir.

"EKO-5" (sort-ABC) markaly gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň bahasy hem arzanladylyp, "Platts" baha aňlatmasy boýunça "FOB Italy" setiri "ULSD 10ppm" goşulan 201 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollary möçberinde arzanladyş bellenildi. Önümiň bir tonnasynyň bahasynyň aşaky çägi 300 ABŞ dollaryna barabardyr.

"EKO-5" (sort-ABC) markaly gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň nokady TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy bolup, önümiň birža söwdalaryna çykarylan möçberi 5 müň tonnadyr.

Geleşiklerde önümler “FCA Incoterms” şerti bilen iberilip, olar üçin tölegi öňünden etmek bellenendir. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022