Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň ulag mümkinçiligini ösdürmegi maksat edinýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň ulag mümkinçiligini ösdürmegi maksat edinýärler
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynda, 13-nji sentýabr, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Täjigistanyň ulag ministrligi)

Täjigistanyň Duşenbe şäherinde çarşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi we onuň netijesi boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi. Bu barada Täjigistanyň ulag ministrligi habar berdi.

Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohimiň ýolbaşçylygynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew, Özbegstanyň ulag ministri Ilham Mahkamow gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri tarapyndan kabul edilen Bilelikdäki Maglumatda taraplaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda intermodal we multimodal serhetaşa we üstaşyr ulag hyzmatlary bilen baglanyşykly häzirki we ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilýär. Şeýle hem olar multimodal geçelgeler arkaly sebitdäki ýurtlar üçin üpjünçilik zynjyrynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň we ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary sebit we beýleki ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen ulag we logistika hyzmatlaryny ösdürmek, sebitde ammarlary hem-de önümçilik desgalaryny gurmak üçin şertleri döretmegi meýilleşdirýärler.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri "Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek barada" Ylalaşygyň taslamasyny hem tassykladylar. Ylalaşygyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitinde halkara gury ýer geçelgeleriniň ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Mundan başga-da, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda 13-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-täjik strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022