Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly nyşany gowşurýan pursady, 14-nji sentýabr, Duşenbe (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistanda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany” bilen sylaglandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Duşenbe şäherinde ýerleşýän “Kasri Millat” köşgünde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurdy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidentine Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde ýokary sylag bilen sylaglanandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sylaga türkmen halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydygyny belläp, oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge Türkmenistanyň goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini aýtdy.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we birnäçe Ylalaşyklara gol çekildi.

2022