Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) 11-16-nji sentýabr aralygynda geçirilen söwdalaryň möçberi 90 million 50 müň 200 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
BAE-den, Singapurdan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Owganystandan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, arassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem TDHÇMB-da daşary ýurt puluna dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 171 million 856 müň manatlyk polipropileni we tehniki ýody satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.