Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 19-njy sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde sişenbe güni ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirip, dürli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär.

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022