Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli 1180 sany raýatyň günäsi geçilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli 1180 sany raýatyň günäsi geçilýär
Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 1180 sany raýatyň Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Mundan başga-da, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022