Sentýabr III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $8 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sentýabr III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $8 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 8 million 26 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Hytaýdan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody, Owganystanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, erkek adamlaryň köýneklerini, rulon pamygy, nah ýüplügi, jinsi matalaryny, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen we umumy bahasy 2 million 880 müň manada deň bolan polipropileni satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

2022