Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Türkmenistanyň edaralarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň Astrahanyň aýratyn ykdysady zolaklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady we Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.