Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ÝB-niň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Beata Peksanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Beata Peksa Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda ylym-bilim, ekologiýa, kanunçylygy kämilleşdirmek, energetika we beýleki ulgamlarda Ýewropa Bileleşiginiň tehniki taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

2022