Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Tatarystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy.

Şeýle hem Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşygyň türkmen-tatar dostlugyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýene-de bir ädim boljakdygyna ynam bildirip, Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

2022