Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy çarşenbe güni ýurduň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Baýramçylyk güni ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany türkmen halkyny ýurduň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
”Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan hem-de beýik maksatlary öňde goýýan merdana halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, asuda we abadan durmuş arzuw edýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.
Mundan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň Eýranyň, Germaniýanyň Prezidentleri, şeýle hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Niderlandlaryň Patyşalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirilýär.