ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine umyt bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine umyt bildirýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden (Surat: Doug Mills/''The New York Times'')

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has giňeltmäge we ösdürmäge umyt bildirýändigini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Biz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda bilelikde iş alyp barýarys. Ýurtlarymyzyň we hökümetlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary bilen ilkinji sammiti geçirdik” diýlip, ABŞ-nyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär. 

Şeýle hem, Jo Baýden hatynda Türkmenistanyň Prezidentine we ähli türkmen halkyna milli baýramçylygyň – Garaşsyzlyk gününiň şatlykly we parahatçylykly ýagdaýda baýram edilmegini arzuw etdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti sişenbe güni habar berdi.

“ABŞ oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we çäk bitewiligine üýtgewsiz ygrarlylygyny saklaýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geçen ýyllardaky üstünliklerini göz öňünde tutup, biz diplomatik gatnaşyklaryň 32 ýyllygyny özara ykdysady hyzmatdaşlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallary ösdürmek üçin mümkinçilik hökmünde görýäris” diýlip, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň gutlagynda nygtalýar.

Mundan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Belarusyň we Palestinanyň Prezidentleri, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Niderlandlaryň Patyşalary, şeýle hem Ýaponiýanyň Imparatory Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler.

2022