“Ýaşyl” ösüşiň nusgalary ýa-da durnukly geljegi gurýan döwletler

Nurmyrat Mommaýew
“Ýaşyl” ösüşiň nusgalary ýa-da durnukly geljegi gurýan döwletler
Hytaýyň Henan welaýatynyň Pingdingshan şäherinde ýerleşýän Gün elektrik stansiýasyndaky gün panelleri, 2018-nji ýylyň 7-nji iýuny (Surat: Reuters)

Daşky gurşawa akylly-başly çemeleşmek we durnukly ösmek häzirki döwrüň köp gozgalýan meseleleri bolmak bilen çäklenmän, ol durmuşymyzyň ähmiýetli zerurlygyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek dünýäniň ähli ýurtlarynyň ileri tutýan ugurlary boldy. Ykdysady ösüşiň we kömürturşy gaz zyňyndysynyň biri-biri bilen geçmişde berk baglanyşygy bolan hem bolsa, olaryň geljekki ösüş üçin biri-birine çapraz gelýändigini aýtmak bolar. Käbir ýurtlara “ýaşyl” özgertmeleri durmuşa geçirip, bu iki çaprazlygyň arasynda deňligi gazanmak başartdy.

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda köp ýurtlar energiýa serişdelerine bolan talaplarynyň artmagy bilen kömürturşy gazyň daşky gurşawa goýberiliş möçberini ýokarlandyrdylar. Atom energetikasyny ösdürmek we energiýanyň arassa görnüşlerine geçmek bu ýörelgäni üýtgedýär. Häzirki wagtda diňe käbir döwletlere şol bir wagtyň özünde ykdysady taýdan ösmek we daşky gurşawy goramak maksatlaryna ýetmek başardýar.

“Ýaşyl” özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilen ýurtlarynyň ilkinjileriniň hatarynda Germaniýany mysal getirmek bolar. Bu ýurtda daşky gurşawa zyýansyz arassa energiýa serişdeleriň we tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýmak bilen, Germaniýa ykdysadýetiniň ösüşini we kömürturşy gazynyň goýberilişini azaltmagy başardy. Onuň bu gazananlary köp ýurtlar üçin nusga alarlyk mysaldyr.

Ähli ugra ekologiýa taýdan çemeleşip, senagat galyndylaryny gaýtadan işlemekde we ýok etmekde netijeli üstünlikleri gazanmak bilen Şwesiýa öz ykdysadyýetini ösdürdi hem-de daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni aldy. Zyňyndylary energiýa öndürmekde peýdalanmak arkaly Şwesiýa energiýanyň durnukly çeşmesine eýe boldy.

Hytaýyň “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmegini we durnukly ulag ulgamyna gönükdirýän maýa goýumlaryny hem üstünlikli mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Hytaý kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak arkaly köp millionly halkyny durnukly geljege alyp barýar.

Türkmenistanda hem daşky gurşawy goramak, metan zyňyndylaryny azaltmak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň COP26 sammitindäki çykyşynda “Türkmenistan daşky gurşaw meselelerine, esasan hem nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde metanyň we onuň bilen baglanyşykly gaz zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy we öz maliýe çeşmeleriniň hasabyna we halkara guramalarynyň tehniki hem-de maliýe goldawy bilen her ýyl zyňyndylary ep-esli azaltmagy meýilleşdirýär” diýip, belledi.

Şu ýylyň 26-njy sentýabrynda Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde ministrler derejesinde geçirilen ykdysady we energetika gepleşiklerinde türkmen tarapy “ýaşyl” energiýa çeşmelerine geçmek we zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen bagly amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyryp, olary durmuşa geçirmekde ýapon tarapynyň tejribesini öwrenmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan milli ykdysadyýetini “ýaşyl” ösüş ýoly bilen ösdürmekde ösen döwletler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022