Türkmenistanyň Prezidenti weýrançylykly partlamalar zerarly Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti weýrançylykly partlamalar zerarly Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Partlamadan soň adamlaryň "Mastung" keselhanasynyň öňünde ýygnanýan pursady, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Belujistan welaýaty, Pakistan (Surat: Reuters)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara ýurduň Belujistan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren partlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gynanç hatynda “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

“Anadolu” habarlar agentliginiň habar bemegine görä, 29-njy sentýabrda Belujistan we Haýber-Pahtunhwa sebitlerindäki metjitlerde bolup geçen terorçylykly partlamalar netijesinde 57 adam aradan çkyp, 140-dan gowrak adam hem şikes aldy.

2022