Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, ýakynda bolsa “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” kabul edilendigini belledi we bu Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde guralýan “EKSPO — 2023 Doha” halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu halkara sergide Türkmenistanyň sergi bölümi guraldy we 9-njy oktýabrda ýurduň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýaponiýanyň Osako şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, öz gezeginde, Doha şäherinde geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen tanşandygyny we onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

2022