Oktýabr I hepde: Birža söwdalary $93,9 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr I hepde: Birža söwdalary $93,9 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 93 million 919 müň 477 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gyrgyz Respublikasyndan, Gruziýadan, BAE-den, Owganystandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen awtoulag benzinini satyn aldylar.

Şeýle hem 2-7-nji oktýabr aralygynda geçirilen birža söwdalarynda dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Mundan başga-da, türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 23 müň 921 manada deň bolan polipropileni satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda sentýabr aýynda geçirilen söwda amallary geçen aýlar bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Birža söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 199 million 230 müň 846,75 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022