Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar
Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Joan bin Hamad Al Tani (Surat: QNA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Joan bin Hamad Al Tani bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap ugradan hatynda aýdylýar.

“Pursatdan peýdalanyp, Kataryň Olimpiýa Komitetiniň adyndan Size Olimpiýa hereketini ösdürmäge berk ygrarlydygyňyz üçin hoşallyk bildirmek isleýärin we Siziň bilen ýakyn wagtda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Joan bin Hamad Al Tani gutlag hatynda belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Joan bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, üstünlik we bagtyýarlyk arzuw etdi.

Mundan başga-da, Russiýanyň Atly sport federasiýasynyň prezidenti, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

2022