Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarydyr taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.
Şeýle hem duşuşykda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Buýar Osmani netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.