Türkmenistanyň Prezidentiniň sapar bilen Bişkek şäherine barmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň sapar bilen Bişkek şäherine barmagyna garaşylýar
"Ala-Too" meýdançasy, Bişkek, Gyrgyz Respublikasy (Surat: 24.kg)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin sapar bilen Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherine barmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň halkara gatnaşyklar boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi penşenbe güni habar berdi.

Russiýanyň Prezidentiniň halkara gatnaşyklar boýunça kömekçisi şu ýylyň 13-nji oktýabrynda geçiriljek mejlise Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Ýuriý Uşakowyň aýtmagyna görä, sammitden soň birnäçe bilelikdäki resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň ýolbaşçylygynda 12-nji oktýabrda Bişkekde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Bu mejlise türkmen tarapyndan ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşýar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň daşary işler ministrleri halkara gün tertibini we Arkalaşygyň çägindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşarlar we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň hem-de Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde hödürlenjek kararlaryň taslamalaryna gararlar.

2022