GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi, 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabry, Bişkek, Gyrgyz Respublikasy (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek barada teklipleriniň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýandygyny aýtdy.

“Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe we ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriň we çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny Maslahatyň esasy maksady hasaplaýarys” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi.

2022