Oktýabr II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $12 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $12 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 12 million 36 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Portlandsement Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri nah ýüplügi, ýorgan-düşek toplumlaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 137 million 190 müň manatdan gowrak bolan armaturany, polipropileni, nebit ýol bitumyny, elde dokalan halylary we nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.

2022