Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen Hytaýyň wise-premýeri Din Sýuesýanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Pekin (Surat: “Sinhua”)

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti duşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň wise-premýeri, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” agentligi habar berdi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew, wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bar.

HHR-iň wise-premýeri Hytaýyň iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşyklaryň doly güýjünde durmuşa geçirilmegi, energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady diýip, ýurduň Döwlet geňeşiniň metbugat beýanatynda mälim edilýär.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli ösdürilýän tebigy gaz hyzmatdaşlygy we energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de umuman, iki ýurduň arasyndaky ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny bellediler.

Şol gün Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we komunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Hytaýyň awtoulag öndüriji “Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD” we “Yutong Bus Co., Ltd.” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda taraplar awtoulag serişdelerini we şaýlaryny Türkmenistana ibermek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hytaýda saparda bolýan Türkmenistanyň resmi wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Pekin şäherinde geçirilýän “Bir guşak, bir ýol” Halkara hyzmatdaşlyk forumynyň 3-nji mejlisine gatnaşýar.

2022