Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa iş sapary bilen bardy.
Pekiniň “Şoudu” howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Hytaýyň resmi adamlary garşyladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşar we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirer.
“Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-transport geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýänlerini bolsa kämilleşdirmek boýunça Hytaýyň halkara başlangyjy bolup durýar. Şeýle hem maslahat şol ýurtlar bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.