Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88,4 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88,4 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 415,89 million manada ýetdi, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,1% artdy. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 84 milliard 962,96 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 55 milliard 447 million manada barabar boldy. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 55 milliard 292 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 403 million manada barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,7% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 836 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 20 milliard 566 million manada barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,3% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 17 milliard 835 million manada deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 11 milliard 435,78 million manatdan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022