Türkmenistan Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 2-nji marty, Baku, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli ugradan gutlag hatynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin Azerbaýjan bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Azerbaýjan Respublikasy durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ynamly öňe barýar. Biz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, kärdeşi Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

2022