Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
"Bir guşak, bir ýol" III maslahatyna bagyşlanyp Hytaýyň Milli Maslahat Merkeziniň daşynda guralan gül bezegi (Surat: “Sinhua”)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin 17-nji oktýabrda iş sapary bilen Hytaýa bardy.

Günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022