Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
 Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä sapar eder
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 14-nji oktyabry, Awaza, Türkmenistan (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň öňde boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini, geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýändigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryh taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipeleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022