Oktýabr III hepde: TDHÇMB-da geçirilen söwdalar $15,6 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Oktýabr III hepde: TDHÇMB-da geçirilen söwdalar $15,6 milliondan geçdi
Garabogazkarbamid zawody

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 15 million 668 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Irlandiýadan, Gonkongdan, Owganystandan we Serbiýadan gelen telekeçiler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” markaly karbamidi, “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni hem-de Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen lukmançylyk önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de birža söwdalarynda dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 54 million 947 müň 700 manatdan gowrak bolan polipropileni, elde dokalan halylary dokma önümlerini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022