Şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 830,3 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 700,9 million ABŞ dollarlyk önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 129,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Özbegistanyň şu ýylyň 9 aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 44,8 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,1 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 22,1 göterim ýokarlandy.
Özbegistanyň Türkmenistan bilen şu ýylyň ýanwar – awgust aýlaryndaky söwda dolanyşygy 517 million ABŞ dollaryna deň bolupdy.