Türkmenistan Hazaryň üsti bilen gaz üpjünçiligi meselelerini çözmäge umyt baglaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Hazaryň üsti bilen gaz üpjünçiligi meselelerini çözmäge umyt baglaýar
Türki döwletleriň guramasynyň Liderleriniň 10-njy mejlisi, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry, Astana, Gazagystan (Surat: Gazagystanyň Prezididentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistan Türkiýe we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda ýakyn geljekde Hazar deňzi arkaly tebigy gaz ibermek meseleleriniň çözülmegine umyt bildirýär. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Astana şäherinde geçen Türki döwletleriň guramasynyň Liderleriniň 10-njy mejlisinde mälim etdi diýip, TASS habarlar agentligi habar berdi.

"Biziň türkmen tebigy gazyny Hazar deňzi arkaly Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna eksport etmek mümkinçiligimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýakyn wagtda doganlyk ýurtlarymyz bilen zerur bolan ähli meseleleri çözjekdigimize we degişli işleri geçirjekdigimize berk ynanýaryn" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem, Türkmenistanyň ýakyn geljekde elektrik energiýasyny Hazar deňzi arkaly Azerbaýjana we Türkiýä iberip biljekdigini, munuň üçin hut, şu gün Hazar deňziniň türkmen kenarynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýübniň tutulýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-a agza ýurtlar bilen energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýol kartasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy sammitiniň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew hem çykyş etdiler.

Sammitde TDG-anyň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, ösüşiň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy. Ählumumy logistika zynjyryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we ösdümegiň, şeýle hem bitewi ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmegiň wajyplygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini  giňeltmek we goşmaça köptaraply pudaklaýyn ugurlary ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek teklip edildi. Gurmanyň Demir ýol edaralarynyň geňeşini döretmek we onuň merkezi edarasyny Özbegistanda açmak öňe sürüldi. Mundan daşary, ministrler derejesinde Türki döwletleriň ekologiýa forumyny döretmek teklip edildi.

Astanada geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy sammitinde birnäçe resminamalar, hususan-da, Astana akty, 10-njy sammitiň Jarnamasy, Özbegistanyň Prezidentini sylaglamak hakynda çözgüt, Maliýe merkezleriniň hukuk agdaýy hakynda, täze baýdaklary kabul etmek hakynda, wezipä bellemek hakynda, synçy derejesini bermek hakynda, hatyra gününi döretmek hakynda, býujet serişdelerini dolandyrmagyň düzgünleri hakynda resminamalar kabul edildi. Şeýle hem, Hemişelik wekilleriň hukuk ýagdaýy hakynda, resminamany işläp taýýarlamak, Hyzmatdaşlyk hakynda teswirnama, 2023-2027-nji ýyllarda ulaga aragatnaşygy maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi.

Suratlar: Gazagystanyň Prezididentiniň metbugat gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022