Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
 Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Halas edijiler weýrançylygyň bolan ýerlerinde halas ediş işlerini alyp barýarlar, 2023-nji ýylyň 4-nji noýabry, Nepal (Surat: "The Daily Guardian")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele we Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahala ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

“Nepalnews” neşiriniň habar bermegine görä, anna güni gije sagat 23:47-de Nepalyň Ramidand we Jajarkot sebitlerinde adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýjenmesi 6,4 balla deň bolan ýer titredi. Habarda nygtalşy ýaly, munuň netijesinde 157 sany adam gurban bolup, 125 adam şikes aldy.

Mundan daşary, ýertitremeleri Nepalyň paýtagtynda, Hindistanyň şäherlerinde, şol sanda Delide hem hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022