Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) oktýabr aýynda baglaşylan söwda geleşikleriň jemi bahasy 130 million ABŞ dollaryna deň boldy.
TDHÇMB-da geçen aýda iň uly isleg bildirilen “EKO-93” görnüşli ulag ýangyjyň 78 million 525 müň ABŞ dollarlygy satyn alyndy. Ondan soňra, iň köp möçberde satyn alnan harytlaryň içinde, 17 million 354 müň 500 ABŞ dollarlyk suwuklandyrylan gaz, 8 million 974 müň ABŞ dollarlyk awiakerosin we 8 million 550 müň ABŞ dollarlyk karbamid satyn alyndy.
Oktýabr aýynda TDHÇMB-da bolan söwdalarda dokma önümleri işjeň satyn alyndy. Degişli döwürde dokma önümleriň 13 million 227 müň 750 ABŞ dollarlyk söwdalary edilip, iň köp satyn alnan ikinji derejeli haryt boldy.
Görkezilen bu maglumatlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly goşant goşýan TDHÇMB-nyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Oktýabr aýynda baglaşylan söwda geleşikler Türkmenistanyň energiýa serişdelerini we çig maly eksport etmekde kuwwatlydygyny tassyklaýar.
“EKO-93” görnüşli ulag ýangyjy, suwuklandyrylan gaz we awiaýangyç Türkmenistanyň esasy eksport harytlarydyr. Dokma önümleri Türkmenistanyň senagatlaşma we ykdysady ösüş ugrundaky tagallalaryny beýan edýär.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty