Russiýa guş etiniň we ýumurtgasynyň eksportyny çäklendirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa guş etiniň we ýumurtgasynyň eksportyny çäklendirmegi meýilleşdirýär
''Белая птица'' kompaniýasynyň önümçilik kärhanasy, 2018-nji ýyl, Belgorod, Russiýa (Surat: Oleg Bogdanow)

Russiýa Federasiýasynyň oba hojalyk ministrligi şu ýylyň 1-nji dekabryndan geljek ýylyň 31-nji maýyna çenli guş etiniň we ýumurtgasynyň eksportyny wagtlaýyn çäklendirmegi teklip etdi. 

Russiýanyň “Izwestiýa” halkara habarlar merkeziniň mälim etmegine görä, bu teklip bahalary durnuklaşdyrmak we bu harytlara bolan ýokary islegi hasaba alyp, içerki bazary doly üpjün etmek maksady bilen öňe sürüldi.

Bahalary durnuklaşdyrmak, içerki bazary guş eti hem-de ýumurtgasy bilen üpjün etmek zerurlygy bilen bagly, Russiýanyň Oba hojalyk ministrligi bu harytlary Russiýa Federasiýasynyň çäginden daşary eksport edilmegine wagtlaýyn çäklendirme girizmek meselelerine seretmegi teklip etdi. Mundan daşary, 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň çägine 160 müň tonna çenli guş etiniň dürli görnüşlerini getirmekde gümrük salgytlaryny aradan aýyrmak görnüşinde ýeňillik döretmek teklip edilýär.

Ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugynyň mälim etmegine görä, bu çäreler baha ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we içerki bazary guş eti hem-de ýumurtgasy bilen üpjün etmek bähbidi üçin amala aşyrylýar.

Bu çäklendirmeler halkara döwletara ylalaşyklarynyň, RF-niň çäklerinden daşarda başlanýan we ondan daşarda hem tamamlanýan halkara ýük daşamalarynyň çäklerinde Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlara ynsanperwer kömek hökmünde ugradylanda, şeýle-de ätiýaçlyk gory hökmünde daşary ýurduň çäginden ýurduň içerki sebitlerini üpjün etmek üçin niýetlenen önümlere degişli däldir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022