Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň we Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Ali Mojtaba Ruzbehanini hem-de Hirosi Sasakini kabul etdi. Olar Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatlaryny gowşurdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk:
Eýranly diplomat ynanç hatyny gowşuryp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýranyň wekili ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn ornuň degişlidigine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we diplomat soňky ýyllarda täze mazmuna hem-de ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşyk:
Ilçi Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegindäki goşandy üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ýollan hoşallyk sözlerini ýetirdi. Şeýle hem diplomat Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyplygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, innowasiýalary, täze tehnologiýalary, iň öňdebaryjy tejribeleri öz içine alýan, ylmyň we tehnikanyň ösen derejelerine daýanýan ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistan bilen dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan netijeli işewürlik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine üns çekildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda ýapon diplomaty däp bolan dostlukly ýapon-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny ynandyrdy.